Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

22:2110.12.2019
0
727

Şu gün – 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Žan-Žerom Kasabýanka bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň başynda HGHK-nyň dünýädäki we sebitdäki häzirki alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi. Soňra, taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2019-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde edilen işler barada pikir alyşdylar hem-de saglygy goraýyş, ynsanperwer hukugy meseleleri, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti bilen bilelikde gurnalan mowzuklaýyn okuw sapaklary boýunça geçirilen çärelere ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda, hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän häzirki we geljekki ugurlaryna seredip geçip, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň