Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

23:5909.12.2019
0
7277

9-njy dekabrda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynda häzirki günlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýat häkimleri sebitlerde geçirilýän işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanynda galan hasyly soňky übtügine çenli ýygnap almak boýunça geçirilýän işler, ak ekinlere idegiň depginini we hilini ýokarlandyrmak, boşan ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Şeýle hem ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny bellenilen möhletinde abatlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Sebitde gurluşygy dowam edýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler hasabatlaryň esasyny düzdi.

Welaýatyň häkimleri Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy barada hem hasabat berdiler.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň ylym taýdan esaslandyrylan talaplaryna doly gabat gelmelidigini belledi.

Pagtaçylyk hojalyklarynda «ak altynyň» galan hasylyny doly ýygnap almak hem-de kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermeli diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.

Milletiň Lideri güýzlük bugdaýa ideg etmek çärelerini, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işlerini degişli derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekip, ekin meýdanlaryna suw tutmagyň, ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň hem-de oba hojalyk tehnikalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklar berildi.

Dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak babatda aýratyn görkezmeler berildi.

Şeýle hem iş maslahatynda döwlet Baştutany güýzki gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagy hem-de meýilnamada bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini we kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilmegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň