Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň bäşinji sany çapdan çykdy

23:5609.12.2019
0
4965

Türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan arheologik barlaglaryň käbiriniň ilkinji netijeleri «Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň nobatdaky, bäşinji sanynda ýerleşdirildi. Ol Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy habarlary bilen dowam edýär ― diýip, TDH habar berýär.

«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly ýygyndynyň awtorlarynyň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bolup, olaryň täze açyşlary diňe degişli ýokary okuw mekdepleriň alymlarynda we talyplarynda däl-de, eýsem, Türkmenistanyň hem-de Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetini öwrenýän alymlarda uly gyzyklanma döredýär.

Ýygyndyda hemişe bolşy ýaly, «Şekillendiriş sungaty» bölümi ýerleşdirildi. Hususan-da, A.Nuwwaýewiň makalasynda türkmen suratkeşleriniň dürli ýyllarda sport temasyna bagyşlanan suratlaryna seredilýär. N.Ýagşymyradow Türkmenistanyň bürünç eýýamyna degişli sungatyna, taryhyň şol döwrüniň rowaýatlaryna we nyşanlaryna baha berýär.

«Arhitektura mirasy» bölümi analitiki makalalardan, şeýle hem aýry-aýry arhitektura ýadygärliklerinde geçirilen dikeldiş işleri baradaky habarlardan ybarat boldy. «Arheologik barlaglar» bölüminde okyjylar A.Babaýewiň orta asyra degişli Abiwerdiň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri, B.Diwangulyýewanyň türkmen halkynyň etnografiýasyny öwrenmekde arheologik çeşmeleriň ähmiýeti baradaky makalasy bilen tanşyp bilerler.

«Medeniýeti öwrenijiler» bölüminde türkmeniň gadymy döwrüni öwrenmäge uly goşant goşan belli arheologlaryň — taryh ylymlarynyň doktory Hemra Ýusupowyň hem-de onuň fransiýaly kärdeşi professor Oliwýe Lekontyň geçiren işleri barada makalalar ýerleşdirildi.

Neşir sungatşynaslaryň, arhitektura taryhçylarynyň hem-de Türkmenistanyň gadymy we häzirki medeniýetini öwrenýän arheologlarynyň işiniň ugurlaryny beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň