Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: ertir jemleýji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

18:4809.12.2019
0
694

Ertir ― 10-njy dekabrda Balkanabatda, Maryda we Aşgabatda geçiriljek duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionaty tamamlanar. Möwsümiň 28-nji tapgyry derbileriň güni bolar. Duşuşyklarda «Nebitçi» «Şagadamy», «Energetik» «Merwi», «Altyn asyr» «Aşgabady», «Ahal» «Köpetdagy» kabul eder.

Balkanabatdaky 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçiriljek Balkan derbisinde gazanyljak ýeňiş toparlaryň ikisi üçin hem uly ähmiýete eýedir. Çünki edil häzir çempionaty «Nebitçi» bäşinji, «Şagadam» bolsa üçünji orunda tamamlamagyň donuny biçýär. Sagat 15-de başlanjak duşuşygyň baş emini tejenli Arslan Goşşanow bolar. 

Mary şäherindäki «Energetik» stadonynda adybir topar «Merwi» kabul eder. Myhmanlar eýýäm soňky orna kaýyl bolan hem bolsa, «Energetik» ýeňiş gazanyp, eýeleýän ornuny ― bäşinjiligi goramagyň aladasynda. Bu duşuşyk hem gündiz sagat 15-de başlanar. Onuň baş emini paýtagtly Begenç Allaberdiýew bolar.

Çempionlygyny gazanyp, AFK-nyň kubogy ― 2020-däki ýerini berkiden «Altyn asyr» «Nusaý» stadionynda «Aşgabady» kabul eder. Duşuşykdaky ýeňiş myhman topar üçin has möhüm. Çünki «Aşgabada» hem öz ornuny ― altynjylygy goramak, hem-de ýeňiş gazanyp, bäşinji orna dalaş etmek gerek. Gündiz sagat 15-de başlanjak duşuşygyň baş emini balkanabatly Saparmämmet Gurbanow bolar. 

Günüň dördünji, belki-de Türkmenistanyň çempionaty ― 2019-yň jemleýji duşuşygynda «Ahal» «Köpetdagy» kabul eder. Paýtagtdaky «Aşgabat» stadionynda boljak duşuşykdaky ýeňiş bilen «Ahal» çempionaty kümüş medal bilen tamamlamagy maksat edinýär. «Köpetdag» bolsa bireýýäm dördünji orundaky ýerini berkitdi. Bu duşuşyk hem gündiz sagat 15-de başlanar. Onuň baş emini paýtagtdan Resul Mämmedow bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň