Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda türkmen halysyna bagyşlanan maslahat geçirildi

18:2509.12.2019
0
693

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Haly  halkymyzyň gözellik dessany» atly maslahat geçirildi ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Ony Türkmenistanyň Medeniýet  we Dokma senagaty ministrlikleri,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Lebap welaýat häkimligi hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilelikde guradylar. Maslahata Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halysy, onuň gözelligi, dokalyş aýratynlygy, gölleriň näme aňladýandygy barada giňişleýin durup geçdiler. Gadymdan gelýän bu senediň milli gymmatlyklarda tutýan orny, halynyň we haly önümleriniň sungat derejesine çykarylandygy baradaky gürrüňler hem çykyşlarda beýanyny tapdy. Halyçylar bu önümçiligiň özüne çekijiliginiň syrlaryny açyp görkezdiler.

Muzeýde açylan sergide haly we haly önümleri, haly dokalanda ulanylýan enjamlar goýuldy. Maslahata gatnaşyjylar olara ilkinjileriň hatarynda syn etdiler. Halyçylar ýygnananlara haly dokamak üçin ýüplükleriň taýýarlanylyşyny, onuň ýüwürdilişini görkezdiler we köp sanly soraglara jogap berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň