Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat şäherinde sportda dopinge garşy göreşmek hakynda okuw maslahaty geçirildi

18:2009.12.2019
0
988

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda sportda gadagan edilen serişdeler we usullar, dopinge garşy düzgünleriň bozulmagy, dopingiň saglyga ýetirýän zyýany, doping gözegçiliginiň geçirilişi barada okuw maslahaty geçirildi. Bu barada "Jeyhun.news" habar berýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guran okuw maslahatyna Türkmenistanyň dopinge garşy göreşmek barada milli agentliginiň wekili, Lebap welaýatynyň sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, baş tälimçi mugallymlary, sport lukmanlary we şepagat uýalary, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş we baş bilim müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler sportda gadagan edilen serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy, dopinge garşy düzgünleriň bozulmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almagyň usullarynyň üstünde durup geçdiler. Şonuň ýaly-da, «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşdyrdylar. Dopingiň türgeniň saglygyna ýetirýän zyýany hem aýratyn edilen gürrüňleriň biri boldy. Doping gözegçiliginiň geçirilişi, onda gadagan edilen serişdeleri ulanan türgenleriň ýüze çykarylyşy, türgenleriň dopingleri bilmezden ulanmaklarynyň öňüni almagyň usullary barada hem giňişleýin durup geçdiler. Çykyşlaryň ählisinde gozgalan meseler barada aýdylanlaryň üsti slaýdlarda görkezilen maglumatlar we şekiller bilen dolduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň