Soňky habarlar

Arhiw

Ruhabat önümçilik söwda birleşigi Täze ýyl baýramynyň sakasynda önümçiligi giňeldýär

18:0709.12.2019
0
1307

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ruhabat önümçilik söwda birleşiginde hem halkyň islegli azyk harytlaryny öndürmek boýunça saldamly işler alnyp barylýar. Önümçilik söwda birleşiginde dört sany önümçilik bölümleri bolup, olarda çörek, konditer, süýt we şöhlat önümleriniň birnäçe görnüşleri öndürilýär ― diýip, «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

Täze ýyl baýramynyň golaýlamagy bilen, kärhananyň konditer önümlerini öndürýän bölüminiň öndürijiligi hem ýokarlandy. Bu bölümde konditer önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär. Huruşly, şekerli kökeleriň iki görnüşi, ýagny «Toý» hem-de «Güneşli» görnüşleri, guradylan çörekleriň iki görnüşi: «Esasy», «Kişmişli» görnüşleri, «Aşgabat» atly gaýnadylan hamyrdan, mesge huruşly, şirin köke, «Gatlakly» şirin kökesi, «Bally» epmesi, wanilinli keks ýaly önümler bu bölümde öndürilýän esasy önümlerdir. Öndürilýän konditer önümlerine islegleriň uludygyna gündelik öndürilýän önümleriň möçberi hem şaýatlyk edýär. Bu bölümde her günde konditer önümleriniň 500 kilograma golaýy, aýda 14,4 tonnasy öndürilýär.

Kärhanada süýt önümleriniň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. Bu bölümde ýaglylyk we agramlylyk derejeleri boýunça gatygyň üç görnüşi, uýadylan gaýmagyň iki görnüşi, aýran süýt turşusy içgisiniň iki görnüşi, dorog önümleriniň iki görnüşi, peýnir önümleriniň bäş görnüşi, mesge ýagy hem-de goýaldylan süýt önümleri öndürilýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilliligi alyjylaryň göwünlerinden turýar. Bölümde her iş günleri1,1, her aýda 28,6 tonna önüm öndürilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň