Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky futbol çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar

14:2609.12.2019
0
8326

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşýan toparlaryň sanyny artdyrmak baradaky karara geldi.

2021-nji ýyldan başlap güýje girjek täze Karara laýyklykda, yklymyň birinji derejeli klublaýyn halkara ýaryşyna häzirkisi ýaly 32 däl-de, 40 klub gatnaşar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2020-nji ýyldaky ýeňijisi AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanjak ilkinji wekilleriň biri bolar.

Şeýle hem 2021-nji ýyldan başlap, Türkmenistandan iki topar ― Kubok ýaryşynyň ýeňijisi we çempionatyň kümüş medalynyň eýesi AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşar. Eger Türkmenistanyň kubogyna çempionatda birinji ýa ikinji orny eýelän toparlardan biri mynasyp bolaýsa, bürünç medala mynasyp bolan topara AFK-nyň kubogy ― 2021-e gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

AFK tarapyndan girizilen bu üýtgeşme Türkmenistanyň çempionatyndaky we Kubok ýaryşyndaky bäsdeşligi güýçlendirer. Şol bir wagtyň özünde toparlarymyza yklymyň iň güýçli wekilleri, belki-de dünýä ýyldyzlary bilen duşuşyp, halkara tejribesini artdyrmaga mümkinçilik dörär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň