Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynda meýdany 20 gektar bolan täze ýyladyşhana açyldy

23:5808.12.2019
0
14573

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap ýyladyşhanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ol Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi.

Umumy meýdany 20 gektara barabar bolan bu ýerde pomidoryň ýokary hasylly «Huanita», «Merlis» we «Tommimaro muço» sortlaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Ösümlikleri goşmaça iýmitlendirmek, amatly howa ýagdaýyny döretmek işlerini döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilýär.

Gyş möwsüminde gün şöhlesiniň deňagramlylygy üçin bu ýerde ýörite lampalar oturdyldy, tozanlandyrma üçin arylar ulanylar, bu bolsa, hasyllylygy, diýmek, ýyladyşhananyň düşewüntliligini artdyrmak nukdaýnazaryndan möhümdir.

Bölümleriň ýerleşdirilişi pomidor hasylyny daşamak hem-de gös-göni ýyladyşhananyň girelgesinde ýüklemek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýyladyşhana toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen ýüzlerçe iş orunlary döredildi. Şeýle hem bu ýerde naharhana, saglygy goraýyş bölümi, dynç alyş otaglary we kömekçi desgalar hem göz öňünde tutuldy.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy, täze ýyladyşhana barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Dabaralara Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň