Sankt-Peterburgda türkmen nakgalarynyň sergisi açyldy

20:2908.12.2019
0
7225

6-njy dekabrda Sankt-Peterburgyň Milletler öýünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi açyldy. Ekspozisiýa däplerdir täzeçillikler sazlaşykly utgaşýan milli nedeniýetiň dürli röwüşli tilsimlere baý stilistikasyny görkezýär ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Çäräni Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer assosiasiýasynyň bölümi bolan Sankt-Peterburgyň «Mekan» türkmen medeniýeti Jemgyýeti Sankt-Peterburgyň milletara gatnaşyklary we migrasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň goldamagynda Sankt-Peterburgyň Milletler öýi bilen bilelikde gurady.

Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň wekilleri, şäheriň milli-medeni birleşikleriniň liderleri, Sankt-Peterburgyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary açylyş dabarasynyň myhmanlary boldular.

Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň direktory Ýelena Kuznesowa «Mekan» türkmen medeniýeti Jemgyýetiniň adyndan medeniýetleriň gatnaşygyny ösdürmäge goşan köpýyllyk goşandy üçin minnetdarlyk haty gowşuryldy. Öz gezeginde, şäheriň Hökümeti jemgyýetçilik guramasynyň türkmen halkynyň taryhyny we häzirki gazananlaryny wagyz etmekde alyp barýan uly möçberli işini belledi.

Sankt-Peterburgyň Beýik Pýotr adyndaky politehniki uniwersitetiniň we Sankt-Peterburgyň oba hojalyk uniwersitetiniň hormatly myhmanlar hökmünde çagyrylan wekilleri türkmen talyplarynyň türkmen medeniýetini wagyz edip, Peterburgyň medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny bellediler.

Milletler öýüniň Ýaşyl zalynda guralan sergide türkmen halkynyň medeni mirasyna we däp-dessurlaryna, şeýle hem ýurduň iň täze taryhynyň şanly senelerine bagyşlanan žiwopis suratlary, amaly-haşam sungaty eserleri we kitaplar görkezildi.

«Bagtyýarlyk» türkmen talyplary Geňeşiniň işjeňleri küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň myhmanlar baýamçylyk saçagyna çagyryldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň