Arhiw

Türkmen türgenleri ýylyň başyndan bäri halkara ýaryşlarda 284 medal gazandylar

19:3608.12.2019
0
1589

Şu ýylyň 11 aýynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 162-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 103-si guraldy. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 186-syna, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 32-sine gatnaşyp, 33 medaly, Aziýanyň çempionatlarynyň 41-sine gatnaşyp, 39 medaly eýelemegi başardylar. Ildeşlerimiz halkara bäsleşikleriniň 113-sinde çykyş edip, 212 medala mynasyp boldular. Jemi gazanylan medallaryň sany 284 bolup, şolaryň 94-si altyn, 92-si kümüş we 98-si bürünç medaldyr.

Bular barada wise-premýer P.Agamyradow 6-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Şeýle hem bu mejlisde döwlet Baştutanyna Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de Aşgabatda Sambo we Trek welosporty boýunça dünýä çempionatlaryny hem-de futzal boýunça Aziýanyň çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýeri gelende aýtsak, mejlisiň geçirilen güni Aşgabatdaky «Olimpiýa» myhmanhanasynda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň bijeleri çekildi. 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda başlanjak yklym birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysy Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary bilen birlikde «A» toparçada ýaryşar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň