Türkmenistanly ýaşlar ýylyň 11 aýynda halkara ders we taslama bäsleşiklerinde 177 medal gazandylar

19:3408.12.2019
0
2270

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy dekabrda ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlsiinde wise-premýer P.Agamyradowyň döwlet Baştutanyna habar berşi ýaly, türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders we taslama bäsleşikleriniň ençemesinden medallar bilen dolandylar.

TDH-nyň bu baradaky habarynda hem aýdylyşy ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň iri halkara ders we taslama olimpiadalaryna gatnaşmagy amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň netijesidir. Şeýlelikde, şu ýylyň on bir aýynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 140 medal eýelediler. Şolaryň 37-si altyn, 31-si kümüş we 72-si bürünç medaldyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şu döwürde jemi 37 (9 altyn, 12 kümüş, 16 bürünç) medala mynasyp boldular.

Milli ykdysadyýetimizde başlanan uly özgertmeleriň esasy wezipesi halkara ülňülerine laýyk gelýän sanly ykdysadyýete geçmegi, senagatlaşdyrmagy we elektron senagatynyň ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli we başarnykly bolmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň