«Altyn täç» futbol topary 2006-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy

19:2108.12.2019
0
1496
«Altyn täç» futbol topary 2006-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony boldy

Aşgabadyň «Altyn täç» topary Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2006-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygynda “Balkan” topary bilen duşuşan “Altyn täç” 1:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa Mary welaýatynyň ýetginjekleri gündogar welaýatdan gelenleri jogapsyz pökgüleriň 5-si bilen ýeňdiler. Şeýlelikde, hormat münberiniň üçünji basgançagyna Mary welaýatynyň topary çykmagy başardy.

Welaýatlarymyza hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň (“Altyn täç”, “Şatlyk”, “Dostluk” – hemmesi Aşgabat şäheri, “Ahal”, “Mary”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap”) gatnaşmagyndaky birinjiligiň duşuşyklarynyň Aşgabat şäheriniň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda geçirilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň