Soňky habarlar

Arhiw

Amyderýa jülgesinde 3,5 müňden gowrak kiçi elektrk beketler hereket edýär

14:1708.12.2019
0
2420

 

«Lebapenergo» Önümçilik birleşiginiň hünärmenleri Amyderýa jülgesinde energetika desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň täze tapgyryny tamamladylar. Halaç etrabynda tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylan kuwwatlylygy 110/10 kilowat bolan «Halaç» we «Çohpetde» energiýa kiçi beketleri işläp başlady. Olar ilatly ýerleriň we halk hojalyk desgalarynyň energiý üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrdylar.

Indi gündogar sebitde elektrik energiýasyny öndürmek we şäherlerdir obalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça kuwwatly düzüm döredildi, elektrik geçiriji täze liniýalar hem-de ugurdaş desgalar gurulýar. Amyderýa jülgesinde EGL-yň umumy uzynlygy 13 müň kilometrden-de geçýär. 3,5 müňden gowrak kiçi beketler hereket edýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” resmi saýty öz habarynda belleýär.

Çärjew etrabynda iri gaz turbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi bilen türkmen elektrik energiýasynyň eksportunyň möçberi ep-esli artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň