Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen metbugat maslahatynda türkmen diplomatlarynyň öňünde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

23:2007.12.2019
0
6310

Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň düýnki giňişleýin mejlisinde kabul edilen çözgütlere, şeýle hem döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň jähtinden ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde goýan wezipelerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Aýsoltan Ataýewa, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow, Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi Şöhrat Jumaýew, Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ahmet Gurbanow, Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Işanguly Amanlyýew, şeýle hem «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Gurbannazar Orazgulyýew we «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow dagy çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary syýasat gullugynyň öňünde goýlan wezipeler barada aýdyp şeýle diýdi: «Häzirki döwürde biz daşary syýasat gullugynyň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň öňünde ýakyn ýyllar üçin iş ýüzündäki amaly wezipeleri goýýarys. Elbetde, bu wezipeleriň ählisi hemişe baş maksadymyza, ýagny parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmäge gönükdirilmelidir.

Munuň üçin Bitarap döwletimiz goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder. Ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň bähbitlerine, ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine hem-de özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna bolan gyzyklanmany höweslendirmelidir».

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanynyň 6-njy dekabrda gol çeken Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny we çäreleri, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek, Kazan şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak hakyndaky Kararlarynyň we ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hem-de köp ugurly daşary syýasat gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen beýleki resminamalarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli diplomatik korpusyň işgärleriniň milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň