Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň DHÇMB-sinde söwdalaryň bahasy 47 million dollara golaýlady

17:1507.12.2019
0
3990

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, agyr wakkum gazoýlyny, Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, BAE-den, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi, buýan köküni we baldagyny, übtügi, şeýle hem reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 772 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýe Respublikasyndan gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 605 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 44 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň