“Ýigit” Hojalyk Jemgyýeti hyzmatdaşlyk geografiýasyny giňeldýär

15:1307.12.2019
0
1411
“Ýigit” Hojalyk Jemgyýeti hyzmatdaşlyk geografiýasyny giňeldýär

Gümrük statistiki maglumatlaryna görä, diňe 2019-njy ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň halkara sergilerine gatnaşmak üçin çykarýan harytlary birnäçe gezek gümrük taýdan resmileşdirildi. Görkezilen döwürde kärhana dürli ýurtlarda geçirilen dört sany halkara sergilerine gatnaşyp, öz önümlerini hödürledi. 

23 – 25-nji oktýabr aralygynda Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň Halkara sergi merkezinde “World Food Ukraine 2019” atly halkara sergisine, 13 – 15-nji noýabry aralygynda Gazagystanyň Şymkent şäherinde geçirilen “AgriTek 2019” atly halkara oba hojalyk we azyk önümleri sergisine, 29-30-njy noýabr aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde “Growtech” atly Halkara ýyladyşhana, oba hojalyk tehnologiýalary we maldarçylyk tehnikalary we gurallary sergisine hem-de 27-29-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde guralan “UzAgroExpo” hem-de “UzProdExpo” halkara sergilerine gatnaşyp, olaryň diplomlaryna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ýigit” hojalyk jemgyýeti sergilere ýurduň ýyladyşhana hojalyklarynda hem-de açyk toprakda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa gök we bakja önümleri, däneli we kösükli ekinleri bilen gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň