Iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsi geçiler

14:3807.12.2019
0
635
Iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsi geçiler

6-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsini geçmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini belledi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça toparyň başlygy B.Atdaýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin zerur mümkinçilikleri döredýäris diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmagy we mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň