Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

10:1807.12.2019
0
5560
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi. Ol 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, on bir aýyň netijeleri boýunça halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.

Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterime deň boldy.

Öndürilen önümleriň ösüş depgini 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9 göterimden gowrak boldy.

Ýanwar — noýabr aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 20,4 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 19,2 milliard manada deň boldy.

2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haklarynyň möçberi 9,6 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklarynyň we beýleki kömek pullarynyň ähli görnüşleri öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Hasabat döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça toparyň başlygy B.Atdaýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebitiň gaz kondensaty bilen hem-de tebigy we ugurdaş gazy çykarmak hem-de «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermek we maýa goýumlaryny özleşdirmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýere TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna, oba hojalyk toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 107,2 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,6 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterim derejesinde üpjün edildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler welaýatlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işi dowam etdirilýär. Şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary hem-de gurallary abatlamak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwuny tutmak, ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Garalýan döwürde bu düzümler tarapyndan önümçilik meýilnamasy 120 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 107 göterim üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 103,3 göterim, ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji 100,5 göterim derejesine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmensenagat» agentligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan tabşyryklaryň ýene-de ýerine ýetirilmändigini aýdyp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmagyň, himiýa dökünleriniň, sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde köp işlemegiň zerurdygy barada wise-premýere ozal duýdurylandygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumynyň, jemagat hojalygynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 102,3 göterim berjaý edilip, 133,2 göterim ösüş gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,3 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 105 göterime barabar boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 11 aýyň dowamynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 22 göterim artdy. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,2 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 30,7 göterim artdy. Öndürilen önümiň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 230 birža söwdasy geçirildi we 27 müň 939 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 46,8 göterim artdy. Ýanwar — noýabr aýlarynda sergileriň 22-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary senagat önümlerini 16,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 16,4 göterim köp öndürdiler.

Hasabat döwründe hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň möçberi 45,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň eksporty 10,1 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň golaýlaşyp gelýändigi mynasybetli bazarlaryň hem-de dükanlaryň dürli görnüşli harytlar bilen bolelin üpjün edilişine, olaryň nyrhlaryna berk gözegçilik etmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bilen bilelikde harytlaryň eksport we import edilýän möçberlerini seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri we «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işgärleriniň halkara çärelere, maslahatlaryna, sergilere gatnaşmagy üçin saparlar guraldy. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde, dürli mazmundaky medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy. Ýurdumyzda daşary döwletleriň, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň daşary ýurtlarda Medeniýet günleri geçirildi.

Aşgabatda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň, IV Wena balynyň hem-de türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertiniň, şeýle hem paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ähmiýetli wakalara öwrülendigi bellenildi.

Ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan hasabat döwründe haryt öndürmegiň meýilnamasy 131,4 göterim berjaý edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, bilim ulgamyny özgertmegiň çäklerinde ulgama degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary we meýilnamalary kämilleşdirilýär, okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar hem-de usulyýet gollanmalarynyň üsti ýetirilýär.

Hasabat döwründe 2019-njy ýyl üçin meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 200 görnüşinden 197-si neşir edildi. Sanly bilim ulgamynyň ösüş konsepsiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy.

Ýaş türkmenistanlylaryň iri halkara ders we taslama olimpiadalaryna gatnaşmagy amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň netijesidir. Şeýlelikde, şu ýylyň on bir aýynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 140 medal eýelediler. Şolaryň 37-si altyn, 31-si kümüş we 72-si bürünç medaldyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şu döwürde jemi 37 (9 altyn, 12 kümüş, 16 bürünç) medala mynasyp boldular.

Halkara hyzmatdaşlyk ulgamy boýunça dünýäniň dürli döwletleriniň ugurdaş düzümleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşykda degişli işler ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat we zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi geçirildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlarynyň işi barada hasabat berildi. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat we ylmy işler boýunça bäsleşik geçirildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde, keselleriň öňüni alyş, sagaldyş we bejeriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi.

Habar berlişi ýaly, «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Õ spartakiada we uniwersiada üstünlikli geçirildi. Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de Aşgabatda Sambo we Trek welosporty boýunça dünýä çempionatlaryny hem-de Futzal boýunça Aziýanyň çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 162-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 103-si guraldy. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 186-syna, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 32-sine gatnaşyp, 33 medaly, Aziýanyň çempionatlarynyň 41-sine gatnaşyp, 39 medaly eýelemegi başardylar. Ildeşlerimiz halkara bäsleşikleriniň 113-sinde çykyş edip, 212 medala mynasyp boldular. Jemi gazanylan medallaryň sany 284 bolup, şolaryň 94-si altyn, 92-si kümüş we 98-si bürünç medaldyr.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň 11 aýyň dowamynda alyp baran işleri barada habar berdi.

Ýylyň başyndan bäri geçirilen dört maslahatyň dowamynda milli parlamentde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 65-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 35-si kabul edildi. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Mejlisde döredilen iş topary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenýär hem-de umumylaşdyrýar. Degişli Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň hereket edýän kanunlary seljerilýär.

Deputatlar ýerlerde konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldawyň döwletimiziň durmuş-ykdysady wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny belläp, deputatlaryň geljekde hem öz işlerini türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna we jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň berkarar edilmegine gönükdirmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýyl Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri boldy. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirildi.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleri geçirildi, ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary guraldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň geçen on bir aýynda ösüşiniň netijelerini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, halkymyza ýüzlenip, watandaşlarymyzyň ählisini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, abadan we bagtyýar durmuş, Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň