Arhiw

2020-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçiriler

10:0907.12.2019
0
1847
2020-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman ulag üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek we bu babatda halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi ― diýip, TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda 2020-nji ýylyň mart aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň