Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklady

09:5607.12.2019
0
1938
Türkmenistanyň Prezidenti adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklady

Türkmenistanda durnukly ösüşiň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, ilatyň durmuş we hukuk taýdan goraglylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara ynsanperwer hukugy bilen baglanyşykly adam söwdasyna garşy hereket etmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 —2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adam söwdasyna garşy göreş babatda halkara borçnamalaryň berjaý edilmegini utgaşykly alyp barmak Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň