Türkmenistanyň Prezidenti zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyny tassyklady

09:4107.12.2019
0
4225

Türkmenistanda halkyň asuda durmuşyny, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynsanperwerligi we durnukly ösüşi üpjün etmek, dünýäde häzirki döwrüň wajyp halkara meselesi bolup durýan terrorçylyga garşy göreş çygrynda döwlet syýasatynyň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň