Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy

23:5906.12.2019
0
9356

Türkmenistanyň daşary ykdysady işini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar, şol sanda halkara maliýe we ykdysady guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bu ugurda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin alnyp barylýan işleri anyk kesgitlemek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, bir aý möhletde degişli pudak meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň