Türkmen geofizikleri ýylyň başyndan bäri 50 million manatlyga golaý serişdäni özleşdirdiler

19:4606.12.2019
0
810

«Türkmennebit» DK-nyň Balkanabatdaky «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri ýylyň-ýylyna täze sepgitleri eýelemegi başarýarlar. Häzirki zaman dünýäsiniň öňdebaryjy önümçilikçileriniň kämil enjamlarydyr tilsimatlaryna başarjaňlyk bilen erk edýän kärhananyň geofizikleri şu ýylda hem bellenilen meýilnama goşmaça millionlarça manatlyk işleri özleşdirýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Tutuş kärhana boýunça 49,7 million manatlyga golaý işleri özleşdirmek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Kärhanada önümçilik tabşyryklarynyň üstünlikli berjaý edilmeginde müdirligiň Hazar şäherindäki we Ekerem şäherçesindäki senagat-geofizika, Balkanabatdaky kompýuter-tehnologik hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyryş ekspedisiýalarynyň mynasyp goşantlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň