Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hususyýetçileri Tagtabazarda täze suw arassalaýjy desgany ulanmaga berdiler

19:4406.12.2019
0
1089

Tagtabazar etrabynyň ilatynyň arassa agyz suw bilen üpjünçiligi geçen ýylyň maýyndan bäri has gowulandy. Etrabyň «Ýaşlyk» geňeşliginiň çäginde döwrebap suw arassalaýjy desga gurlup, ulanylmaga berildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aby-Köwser» hojalyk jemgyýetiniň binagärleri ýokary hil derejesinde bina etdiler. Daşary döwletleriň ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu desganyň taslama kuwwaty her gije-gündizde 15 müň kub metr suwy arassalamaga deň bolup, häzir etrabyň Söýünaly, Gulja geňeşlikleriniň we Tagtabazar şäherçesiniň ýaşaýjylaryny ekologiýa taýdan arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Etrapda döwrebap suw arassalaýjy desganyň gurlup, işe girizilmegi bilen, bu ýerde 30 çemesi adama täze iş orny döredildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň