Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede täze açylan ýyladyşhanadan her ýyl pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar

17:3406.12.2019
0
911

Gökdepe etrabynyň  «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde täze ýyladyşhana açyldy. «Rysgal ojagy» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze ýyladyşhana dört bölümden ybarat bolup, ýyladyşhananyň umumy meýdany 30 gektara deňdir. 10 gektar meýdanda eýýäm pomidor şitilleriniň 212 müňden gowragy oturdyldy.

Bu ýerde esasan tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we tagamy bilen tapawutlanýan dünýä belli pomidorlaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler. Bu ýerde her ýyl ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800 — 3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar.

Ýyladyşhana Gollandiýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Türkiýeden satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Olar şitilhanada kesgitlenen temperatura we ýagtylyk düzgünini, howanyň çyglylygyny awtomatik usulda saklamaga hem-de gözegçilik etmäge, topragy gurplandyrýan maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmak üçin arylar ulanylar, bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän wajypdyr.

Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Şeýle hem bu ýerde sowadyjy enjamlar bolup, olar gök önümleri terligine saklamaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň