«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy

00:2806.12.2019
0
8635

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Neşir «Türkmenistanyň dörediji kuwwaty — ählumumy ösüşiň hatyrasyna» diýen sözbaşyly makala bilen açylýar. Onda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen ýylda ykdysady, durmuş ulgamlarynda döwlet maksatnamalarynyň, şeýle hem daşary syýasy strategiýanyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilişi häsiýetlendirilýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ylmy işleriniň — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» (ikinji kitap), «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» (11-nji tom) atly kitaplarynyň çapdan çykmagy 2018-nji ýylyň şanly wakalaryna öwrüldi.

Şol wakalar ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň seslenmä eýe bolmak bilen, türkmenistanlylaryň özleriniň taryhy-medeni mirasyna, mizemez maşgala we ruhy gymmatlyklaryna, mähriban Watanymyzyň egsilmez baýlygyna bolan guwanjyny hem-de buýsanjyny artdyrdy.

2018-nji ýyl köp sanly ýatda galyjy wakalar bilen şöhratlandy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna saýlawlar, köp sanly durmuş-medeni, önümçilik, ulag-kommunikasiýa we beýleki ähmiýetli desgalaryň ulanmaga berilmegi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar, köpçülikleýin welosipedli ýöriş, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly wakalar bar.

Oba hojalyk pudagynyň kuwwaty üstünlikli artdyrylýar. Türkmenistanyň çäginden geçýän, birnäçe asyr mundan ozal Aziýa bilen Ýewropanyň söwda gatnaşyklaryny üpjün eden Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärliklerini täzeden dikeltmek boýunça uly işler geçirildi.

Şeýle hem neşirde medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda geçirilen möhüm çäreler, ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde guralan halkara maslahatlar, forumlar, sergiler, bäsleşikler hem-de sport ýaryşlary barada habarlar ýerleşdirildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň