Aşgabatda halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp sport ýaryşlary geçirildi

16:0805.12.2019
0
315
Aşgabatda halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp sport ýaryşlary geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi ― diýip, ministrligiň resmi saýty habar berýär.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen badminton ýaryşda 1-nji orny Pakistan Yslam Respublikasynyň, 2-nji orny Hytaý Halk Respublikasynyň we 3-nji orny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri eýelediler.

Ýaryşlarda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän sport çäreler dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň