Soňky habarlar

Arhiw

Amul galasyndan tapylan tapyndylar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gowşuryldy

15:3405.12.2019
0
3048

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gadymy Amul galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan tapyndylaryň muzeýe tabşyrylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti we «Jeyhun.news» habar berýär

Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi we onuň garamagyndaky goraghanalaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, etraplardaky muzeýleriň işgärleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary, Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Amul galasynda geçen tomusda gazuw agtaryş işlerini geçiripdiler. Oňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ynsanperwer-durmuş bilimleri fakultetiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşypdylar. Bu taryhy ýadygärlikden tapylan küýze, keramiki önümler we beýleki tapyndylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mynasyp ornuny tapdy. Dabara gatnaşyjylar olary ilkinji bolup synladylar we özara pikir alyşdylar.

Soňra şu waka hem-de Daýahatyn kerwen saraýynda ylmy-rejeleýiş işleriniň geçirilendigi mynasybetli «Şöhratly taryhymyzyň öçmejek ýaňy atly ylmy maslahaty geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň