Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edip başlady

14:5605.12.2019
0
942

1-nji dekabrdan başlap, Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasyny eksport etmäge girişdi. Eksportuň ilkinji gününde 14,9 million kw/sagat, 2-nji dekabrda bolsa 15,4 million kw/sagat elektrik energiýasy eksport edildi ― diýip, «Atavatan-Turkmenistan» saýty habar berýär.

Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, ýurduň Milli elektrik tory edarasy 1-nji dekabrdan başlap, Türkmenistandan Özbegistana täze akymyň akdyrylyp başlanjaakdygyny habar berdi. Munuň üçin geçen hepde bu edara bilen «Türkmenenergo» Döwlet elektrik korporasiýasynyň arasynda 2019 ― 2020-nji ýyllary öz içine alýan şertnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň