Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» 7 gol bilen lider

14:5205.12.2019
0
1219

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 3-nji we 4-nji dekabrda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynda ýarym finalyň jogap duşuşyklary geçirildi. Olarda «Aşgabat» «Altyn asyry» 2:1 (iki duşuşyk boýunça 3:4), «Ahal» «Köpetdagy» 1:0 (iki duşuşyk boýunça 3:0) hasabynda ýeňdi.

3-nji dekabrda «Nusaý» stadionynda geçirilen «Aşgabat» ― «Altyn asyr» duşuşygynda «aragatnaşykçylaryň» ýeke-täk pökgüsini 5-nji minutda ýarym goragçy Serdar Geldiýew geçirdi. Bu gol «Altyn asyryň» Türkmenistanyň kubogy ― 2019-daky 7-nji goludyr. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri, şeýlelikde, finala çenli bolan duşuşyklaryň jemi boýunça Kubok ýaryşynda iň köp tapawutlanan topar boldy.

Has takygy, Türkmenistanyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyryndan ýarym finalyň jogap duşuşyklaryna çenli 27 gol geçirildi. Şolaryň 7-si «Altyn asyra», 12-si «Aşgabat» bilen «Merwe» (her haýsy 6 gol), 5-si «Ahala», 3-si «Energetik», «Köpetdag» we «Nebitçä» (her haýsy 1 gol) degişlidir.

«Altyn asyr» bu gollaryň üçüsini çärýek finalda «Nebitçiniň», dördüsini ýarym finalda «Aşgabadyň» derwesinden geçirdi. Toparyň taryhynda altynjy gezek final duşuşygyna hem çykandygyny ýatladýarys. Çempionlygyny eýýäm yglan eden «Altyn asyryň» möwsümi Türkmenistanyň kubogy bilen tamamlamaga-da mümkinçiligi bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň