Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: «Köpetdag» ýubileý duşuşygyny geçirdi

14:3705.12.2019
0
1363

Türkmenistanyň kubogy ― 2018-de arzyly kuboga mynasyp bolan «Köpetdag» bu ýyl ýarym finalda «Ahalyň» böwedinden geçip bilmedi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary garşydaşyndan iki duşuşygyň jemi boýunça 0:3 hasabynda ýeňlip, ýaryş bilen hoşlaşdy.

4-nji dekabrda «Aşgabat» stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda «Ahaldan» 0:1 hasabynda ýeňlen hem bolsa, bu duşuşyk gaýtadan döredilen «Köpetdag» üçin ýubileý duşuşyk boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda döredilen topar bu ýaryşdaky 20-nji duşuşygyny geçirdi.

Topar gaýtadan döredilenden soňra geçen ýyl Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. «Köpetdag» ýaryşda geçiren 20 duşuşygynyň 10-synda ýeňiş gazandy, 5 duşuşykda ýeňlip, 5 duşuşygy deňlikde tamamlady. Toparyň futbolçylary bu duşuşyklarda 23 gezek tapawutlanyp, öz derwezesine 18 pökgi geçirtdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň