Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi

11:4405.12.2019
0
3015
Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutany mejlisi açyp, şu günki çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny, wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, adalat ministri B.Muhamedow, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa gelip gowuşýan teklipler amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan kanunçylyk özgertmeleri babatynda ilatyň arasynda geçirilýän düşüdniriş işleri dogrusynda habar berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanda häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek we mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Biz bu möhüm we jogapkärli işe halk köpçüliginiň giňden gatnaşmak meselesine birinji derejeli ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa, milli parlamentiniň işiniň konstitusion esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ony halk häkimiýetiniň hakyky demokratik edarasyna öwürmäge çalşylýandygynda öz beýanyny tapmalydyr.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda döwlet gurluşynyň toplanan tejribesini öwrenmek, türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gelýän demokratik kadalary bilen Esasy Kanuna girizilýän üýtgetmeleriň hem-de goşmaçalaryň sazlaşygyny üpjün etmek Konstitusion toparyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, aýratyn-da dünýäniň iki palataly parlamentli ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralaryny guramagyň we olaryň işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek üçin, Türkmenistanyň Mejlisinde hereket edýän, daşary ýurtlaryň parlamentarileri bilen parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Täze parlamentiň her palatasy döredilende halkyň saýlan wekilleriniň hünär taýýarlygy, bilim derejesi, işjeňlik häsiýeti, ýagny özüne berlen ygtyýarlyklary has netijeli amala aşyrmaga ukyby göz öňünde tutulmalydyr. Bu barada aýtmak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň ygtyýarlyklary kesgitlenende türkmen halkynyň baý tejribesinden, şeýle hem ata-babalarymyzyň däplerinden ugur alynsa, ozaly bilen milli tejribä daýanylsa, dogry boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlise deputatlaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň hem-de degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerlerde, ilat arasynda duşuşyklary, teleradioýaýlymlarda çykyşlary guramagy tabşyrdy. Umuman, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň mazmunyny halkymyza giňden ýetirmek üçin geçirilýän çäreleri dowam etmeli.

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Konstitusion toparyň indiki mejlisini geçirmek geljek ýylyň fewral aýynda meýilleşdirildi. Onda Konstitusiýamyza girizilen maddalaryň taslamalaryna serederis hem-de olary ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin çap ederis. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň