Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda täze binalaryň açylyş dabaralary geçiriler

09:3005.12.2019
0
1797

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlislerinde hem aýdylyşy ýaly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurtda täze binalaryň açylyş dabaralary geçiriler. Bu dabaralar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllyk toýunyň şanyna şan goşar.

«Türkmenportala» mälim bolan maglumatlara görä, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 7 ― 11-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda aşakda ady görkezilen binalaryň açylyş dabaralary bolar:

― Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hassahanasynyň durky täzelenen binasy;

― Gökdepe etraby üçin merkezi suw paýlaýjy desga;

― Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Mekan köçesiniň ugrunda 1 sany 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýy;

― Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Bugdaýly şäherçesinde Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 2 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýy;

― Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda 2 sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýy;

― Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasynyň çäginde gurlan ýodlaşdyrylan nahar duzuny we gerdejik görnüşli tehniki duz öndürýän önümhana;

― Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümleri ýetişdirýän ýyladyşhana;

― Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda täze gurlan saglyk merkezi;

― Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde täze gurlan 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy;

― Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Gagarin etrapçasynda 3 sany 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýlary;

― Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda 3 sany 4 gatly 60 öýli ýaşaýyş jaýlary;

― Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň (Babadaýhan daýhan birleşiginiň) çäginde süýt önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy;

― Aşgabat şäheriniň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda 2 sany 54 öýli ýaşaýyş jaýy;

― Aşgabat şäheriniň Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda 1 sany 108 öýli ýaşaýyş jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň