Türkmenistanyň taekwondo (ITF) boýunça milli ýygyndysy Minskide geçirilen halkara ýaryşda toparlaýyn üçünji orna mynasyp boldy

17:5404.12.2019
0
8324

Taekwondonyň ITF görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen halkara ýaryşdan üstünlik bilen Watanymyza dolandylar. Türkmen taekwondoçylary 6-njy gezek geçirilýän Dünýä kubogyndan we GDA agza döwletleriň bilelikdäki halkara ýaryşynda bir altyn, dört bürünç medal gazanyp, 22 döwletiň wekilleriniň arasynda toparlaýyn üçünji orna mynasyp boldular. Halkara ýaryşa ýurdumyzdan 9 türgen we bir tälimçi gatnaşdy. Türgenlere baýry taekwondoçy Aýdogdy Atabaýew tälim beren bolsa, Türkmenistanyň Taekwondo (ITF) federasiýasynyň ýolbaşçysy Gaýgysyz Atabaýew hem tälimçi, hem türgen hökmünde gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň altyn medalyny dünýäniň birnäçe gezek çempiony Orazmyrat Çaryýew şahsy tul görnüşi boýunça gazandy. Ol 58 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlarda bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň toparynyň bürünç medallarynyň ýene-de ikisini Orazmuhammet Ustaýew (52 kilograma çenli) bilen Annamyrat Goşanyýazow (64 kilograma çenli) dagylar gazandy. Milli ýygyndymyz toparlaýyn tulda hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. 6 türgenden ybarat bolan toparymyzy ýokarda ady agzalanlardan başga-da, Gaýgysyz Atabaýew, Maksat Gurbanow we Goşanyýaz Durdyýew dagylar emele getirdi. Halkara ýaryşa 22 döwletden 1500-e golaý türgeniň gatnaşandygyny ýatladýarys. Şeýle giň derejeli ýaryşda türkmen taekwondoçylarynyň toparlaýyn üçünji orna mynasyp bolmagy ajaýyp üstünlikdir. Türkmenistanyň Taekwondo (ITF) federasiýasynyň ýolbaşçysy G.Atabaýewiň aýtmagyna görä, biziň türgenlerimiz üçin nobatdaky halkara synag 2020-nji ýylyň awgust aýynda bolar. Şol aýda türgenlerimiz Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşar. Oňa çenli ýurt derejesinde milli ýaryşlaryň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň