Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Ozalky içeri işler ministrinden we Döwlet migrasiýa gulugynyň başlygyndan alnan emläkleri döwletiň hasabyna geçirmeli»

07:5804.12.2019
0
43606

Türkmenistanyň ozalky içeri işler ministri I.Mulikowyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ozalky ýolbaşçysy M.Nobatowyň haram ýollar bilen gazanan emläkleri döwletiň hasabyna geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji dekabrda geçiren Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde içeri işler ministri M.Çakyýewe tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutany ministre ýüzlenip, ogurlanan bu pullar halkyň pulydygyna ünsi çekdi. Şonuň üçin hem, siz bu pullara gurlan jaýlara düýpli serediň-de, olary haýsy maksat bilen ulanyp boljakdygyny kesgitläň! Belki, bu binalary degişliligine görä, çagalar baglary ýa-da Içeri işler ministrliginiň, prokuraturanyň, häkimlikleriň ýa bolmasa, beýleki edaralaryň gulluklary üçin ulanyp bolar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şolary bu jaýlarda ýerleşdirmek üçin zerur bolan gurluşyk işlerini geçirmeli.

Halkdan ogurlanan pullar barada aýdylanda bolsa, olary banklarda ýörite hasaplara geçirmeli hem-de bu serişdelere mekdep, hassahana, saglyk öýi, çagalar bagy ýa-da ýaşaýyş jaýy ýaly, durmuş maksatly binalary gurmaly diýip, milletiň Lideri nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň