Arhiw

Berdimuhamedow: «Türkmenistanda haramlyk edýänlere garşy barlyşyksyz göreş alyp bararyn»

06:3604.12.2019
0
15110

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň gözçem mejlisinde Baş prokuroryň ozalky içeri işler ministi I.Mulikowyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ozalky ýolbaşçysy M.Nobatowyň eden jenaýatçylykly işleri babatyndaky hasabaty diňlän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise ýygnananlara ýüzlenip şeýle diýdi: — Ine, görşüňiz ýaly, biz şu adamlara döwletiň uly wezipelerini ynandyk. 

Olar bolsa, özleri ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmeli halyna, gaýtam bildirilen ynamy ýere çalyp, haramlyga baş goşup, öz maşgalalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýüzüni ýere saldylar. Haram baýlyk, emläk toplap, masgara boldular. Ýöne, «Boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, bu bolan ýagdaý hiçimize hem abraý däl! Esasy hem bellemeli zat, şeýle ýokary wezipelere ynanylan adamlaryň haramlyga ýüz urmagy, özlerine bildirilen ynamy ödemezligidir. Biz hemişe şular ýaly haramlara, nebsine haý diýip bilmeýän betnebislere, gara nebsini öňe zyňýanlara garşy örän berk we aýgytly çäre-de göreris. Jemgyýetimizde şular ýaly adamlara orun bolmaz!

Biziň korrupsiýa we parahorluga garşy göreşe aýratyn üns berýändigimizi men ähli ýolbaşçylara ýene-de bir gezek duýdurýaryn. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şoňa görä-de, şeýle ýagdaý bilinmez öýdüp, hiç kim pikir etmesin. Sebäbi, ýolbaşçyny hemme adam görüp dur. Onuň edýän işlerini synlap dur. Şoňa görä-de, olar diňe ata Watana, halkymyza hyzmat etmelidir. Şondan uly borç, şondan uly wezipe ýokdur.

Parahorluga, korrupsiýa we beýleki ýaramaz işlere garşy göreşmek meniň alyp barýan syýasatymdyr. Men şeýle syýasaty geljekde hem dowam edip, haramlyk edýänlere garşy barlyşyksyz göreş alyp bararyn diýip, milletiň Lideri nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň