Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň häkimi bilen Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

05:1104.12.2019
0
11972

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmek üçin şu gün «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, mejlisiň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap ugrady.

Döwlet Baştutany ýol ugruna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýerli raýatlar bu işe uly höwes bilen girişdiler.

Häzirki döwürde şäheriň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we edara binalaryny baýramçylyklara mahsus derejede bezemek işlerine giň gerim berildi.

Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, gazanylýan üstünlikleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şunda paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra häkim häzir paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanandygyny habar berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanşyp, taýýarlanylan taslamalar barada degişli belliklerini aýdyp bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutany Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalar bilen ýakyn wagtda tanyşjakdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň