Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Berdimuhamedowyň «Türkmenistan ― Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň ikinji jildiniň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

23:4503.12.2019
0
4343

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

TDH-nyň habarynda aýdylyşy ýaly, dabara Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Jüneýd bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi.

Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-arap gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr. Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym hem-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy giňelýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň