Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýat teatrynda Magtymguly Garlyýewiň ýubileý agşamy geçirildi

19:0003.12.2019
0
2146

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda, halkymyzyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň Halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň 130 ýyllygy mynasybetli ussat halypanyň ömür ýoly we döredijilik dünýäsi baradaky aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi ― diýip, «Dashoguz.live» habar berýär.

Bagşynyň hatyrasyna guralan bu aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, edara-kärhanalardan myhmanlar, halypa bagşynyň nebereleri, dessançy bagşylar, sazandalar, halypa bagşynyň adyny göterýän M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň çägindäki çagalar sungat mekdepleriniň milli halk saz gurallary bölüminiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Şu dabaraly çäre bilen ugurdaş teatryň giň girelge eýwanynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, M.Garlyýewiň öý muzeýiniň, welaýat bagşylar muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guran çeperçilik, surat, amaly-haşam, milli aýdym-saz sungatyna degişli saz gurallaryň, suratlaryň, kitaplaryň sergisi hem bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi we olaryň bilesigelijiligini, bu sungata bolan söýgüsini artdyrdy.
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramowyň çeperçilik bilen alyp baran bu täsirli hem gyzykly geçen aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler öz sözlerini uly halypanyň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlaryndan birnäçesini aýtmak bilen jemlediler. Şeýle şahandaz hem çeper çykyşlara Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow, Aýbibi Atahanowa, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy Döwlet Durdyýew, «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Göwher Ahmedowa, M.Garlyýewiň agtygy, dessançy bagşy Magtymguly Magtymgulyýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Söýün Amanow, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, dessançy bagşy Saýat Nurmedowa, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, ussat sazanda Myrat Halbaýew dagy uly joşgun hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Çykyşlarda uly dabara bilen hatyralanýan beýik halypanyň ömür ýoly, özboluşly ussatlygy, sadadan kiçigöwünlilik, pespällik ýaly ajaýyp sypatlary inçeden yzarlanyp, giňişleýin beýan edildi.
Dabaralara beslenen söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyry uly halypanyň adyny göterýän ýörite sungat mekdebiniň taýýarlan baý mazmunly konserti bilen utgaşdy. Aýdym-sazly çykyşlarda ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň hor toparynyň, «Mukam» dutarçylar toparynyň, «Bagtyýar ýaşlar» tans toparynyň eden çykyşlary dabara gatnaşanlaryň gyzgyn söýgüsine, şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň