Soňky habarlar

Arhiw

«Myradym» hususy kärhanasy Kerkide şalyny gaýtadan işleýän kärhana gurýar

18:5003.12.2019
0
4859

Kerki etrabynda şalyny ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna 2016- njy ýylyň ýanwar aýynda başlanyldy. Häzirki wagtda desganyň gurluşygy üçin goýberilen pul serişdeleriniň 575 müň 861 manatlygy özleşdirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Möhüm gurluşygy «Myradym» hususy kärhanasy ýerine ýetirýär. Işe girizileninden soňra 10 müň tonna şalyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen döwrebap kärhananyň tutýan meýdany 6 gektara barabar. Desganyň gurluşygynda 251 sany adam işleýär, dürli tehnikalaryň 16-syndan netijeli peýdalanylýar. Şaly ekip ýetişdirmek üçin kärhananyň ygtyýaryna berlen 1000 gektar ýeriň 585 gektary özleşdirildi. Şonuň 15 gektarynda şaly ekilip, bol hasyl ýygnaldy. Ilkinji hasyl Garagumuň sähralyklarynda şalydan bol hasyl ýygnamak mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi. Şalyny gaýtadan işlemäge niýetlenilen kärhananyň edil alkymynda hut şu hususy kärhana tarapyndan gurulýan 3 gektarlyk meýdandaky söwda merkezi we bazar bolsa şu aýda ulanylmaga tabşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň