Arhiw

Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar Änewdäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyryldy

18:4503.12.2019
0
126
Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerden tapylan gymmatlyklar Änewdäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyryldy

Düýn Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy arheologik tapyndylary welaýat merkezindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyrmak mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, welaýatyň çägindäki taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, muzeýleriň ýolbaşçylarydyr ylmy işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we mährem eneler, şeýle-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş, rejeleýiş işleri alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde ýüze çykarylýan tapyndylar welaýatlardaky muzeýlere tabşyrylýar. Şu günki waka hem munuň buýsançly subutnamasydyr.

Dabara gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykarylan taryhy arheologik tapyndylaryň Milli «Ak bugdaý» muzeýine tabşyrylýan pursadyna gözli şaýat boldular. Bu gymmatly we ajaýyp tapyndylardan guralan sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Olar dogrusynda hünärmenleriň beren gürrüňleri dabara gatnaşyjylaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Muzeýiň mejlisler jaýynda «Milli medeni mirasymyzyň we şöhratly taryhymyzyň täze sahypalary» ady bilen geçirilen maslahat hem täze tapyndylaryň taryhy ähmiýetine bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň