«Altyn top ― 2019-da» türkmenistanlylar kime ses berdi?

16:2703.12.2019
0
12548
«Altyn top ― 2019-da» türkmenistanlylar kime ses berdi?

Türkmenistanyň wekilleri 2019-njy ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde «Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messini görmek islediler.

Türkmenistanlylaryň sanawynyň ikinji basgançagynda ýene-de «Barselonanyň» niderlandiýaly ýarym goragçysy Frenki de Ýong bar. Sanaw «Mançester Sitiniň» argentinaly hüjümçisi Serhio Aguero, ýene-de şol toparyň alžirli ýarym goragçysy Riýad Mahrez we belgiýaly ýarym goragçysy Kewin De Brýöne bilen dowam edýär.

Ses berlişigiň netijesinde, Lionel Messiniň altynjy gezek «Altyn topa» eýe bolandygyny habar beripdik.64-nji gezek geçirilen dabara Parižiň Şatle teatrynda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň