“Beýik Ýüpek Ýoly” HK agyr agramly ýükleri daşamak tejribesini artdyrýar

22:1502.12.2019
0
1969

 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Beýik Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çenli agyr agramly, uly gabaraly ýüki daşamak işini alyp bardy.

Agramy 111 tonna,  uzynlygy – 28,45, ini – 3,41, beýikligi – 3,72 metr bolan sowadyjy “PetroGas” golland kompaniýasynyň sargydy boýunça Germaniýadan iberildi. Ol gyzgyn nebit garyndylaryny 1330 gradusdan 120 gradus Selsiýa çenli sowatmak üçin niýetlenilendir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, “Beýik Ýüpek Ýoly” HK-nyň ýokary tejribeli hünärmenleri enjamy gaýtadan ýüklemek, ony treýlere ýüklemek we bellenilen ýere çenli daşamak boýunça meýilnamany işläp düzdüler. Olaryň toparlaýyn işi we hünär ussatlygy arkaly agyr agramly, uly gabaraly ýüki TNGIZT-e eltmek üçin 15-16 sagat sarp edildi.

Daşamak üçin döwrebap tehnika, şol sanda iki sany göteriji kran – ýük göterijiligi 500 tonna bolan LiebherLTM 1500 we ýük göterijiligi 84 tonna bolan LiebherLTM280, şeýle hem CombiMAX – pes tirkegiň seýrek we köp ugurly görnüşi ulanyldy.

“Beýik Ýüpek Ýoly” HK 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanda, şol sanda halkara derejesinde ulag we logistika ugry boýunça işleri amala aşyrýar. Onuň howply, tiz zaýalanýan, uly gabaraly, agyr agramly, şeýle hem başga-da adaty bolmadyk ýükleri daşamakda baý tejribesi bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň