Soňky habarlar

Arhiw

“Halkbank” “Talyp tölegi” hyzmatyny müşderilere hödürledi

21:5802.12.2019
0
32435

Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde tölegli esasda okaýan talyplar üçin Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjriçilik banky “Talyp tölegi” atly täze hyzmaty müşderilere hödürledi.

Bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda “Halkbank” tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça hyzmatlaryň dürli görnüşleri hereket edýär. Şeýle hyzmatlaryň nobatdakysy bolan “Talyp tölegi” hyzmatynyň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Hyzmat barada giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz!

Umuman, nagt däl hasaplaşyga tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky hyzmatlaryň täze, döwrebap görnüşlerini müşderilere yzygiderli hödürleýär. Munuň özi bankyň hünärmenleriniň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekde tutanýerli zähmet çekýändiklerinden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň