Arhiw

TNGIZT-de 11 aýda 4,6 million tonna nebit gaýtadan işlenildi

19:2902.12.2019
0
995

Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda içerki we daşarky bazarlaryň geçginli harytlary bolan ýokary hilli nebit-himiýa önümleriniň aýry-aýry görnüşleriniň taýýarlanýan möçberleri durnukly ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe kärhana gelip gowşan nebit çig malynyň 4 million 633 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnama artygy bilen berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şonuň netijesinde benzin taýýarlamagyň umumy meýilnamasy 100,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň tabşyrygy bolsa 104 göterime golaý amal edildi. Geçen oktýabr aýynda bu ýerde gymmatly önüm bolan polipropilen taýýarlamakda gazanylan ösüş depgini iki essä golaýlady. Suwuklandyrylan gaz taýýarlamak baradaky meýilnamanyň 105 göterimden geçirilip ýerine ýetirilendigini hem nygtamak gerek. Bu ýerde gürrüňi edilýän on aýda dürli ýol we gurluşyk bitumlarynyň jemi 19 müň tonna golaýy taýýarlanylyp, tabşyryk 145 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň