Arhiw

Aşgabatda “ Level 1A ” derejeli ygtyýarnamany almak ugrunda tälimçilik kursy geçirilýär

15:2002.12.2019
0
3202

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “ Level 1A ” derejeli ygtyýarnamany almak ugrunda  tälimçilik kursuna badalga berildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Aşgabat» köpugurly stadionynyň konferensler zalynda badalga berlen  futbol boýunça beden taýýarlygy boýunça okuw-kursunyň gözükdirijisi hökmünde eýranly AFK-nyň gözükdirijisi Parwon Abdylhoseýin çykyş edýär. TFF-niň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow bu okuw-kursunda eýranly hünärmeniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär.

Okuw-kursunyň açylyş dabarasynda çykyş eden TFF-niň Tehniki bölüminiň başlygy Berdi Nurmyradow gatnaşyjylara okuw-maslahatyny üstünlikli geçmeklerini arzuw etdi. Onuň bellemegine görä okuw-maslahaty bu ugurda öňegidişlikleri gazanmaga oňyn netije berer.

Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy 6-njy dekabra çenli dowam eder.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň