Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty ― 2020-ä gatnaşjak ýygyndylar belli boldy

23:1001.12.2019
0
5537

Ýaşlaryň arasynda futbol boýunça geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama böleginiň «A» toparçasyndaky duşuşuyklaryň tamamlanmagy bilen, ýaryşyň jemleýji bölegine gatnaşjak ýygyndylar belli boldy. Ýaşlaryň (19 ýaşa çenli) arasyndaky Aziýa çempionaty 2020-nji ýylyň 14 ― 31-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Saýlama bölekdäki 11 toparçanyň ýeňijileri jemleýji ýaryşa hukuk gazanan ýygyndylar boldular. Olara ikinji orny eýelänleriň hem iň gowy dördüsi goşuldy.

Şeýlelikde, «A» toparçada ýeňiji bolan Yrak, «B» toparçada ýeňiji bolan Katar, «C» toparçada ýeňiji bolan Täjigistan, «D» toparçada ýeňiji bolan Eýran, «E» toparçada ýeňiji bolan Bahreýn, «F» toparçada ýeňiji bolan Saud Arabystany, «G» toparçada ýeňiji bolan Malaýziýa, «H» toparçada ýeňiji bolan Awstraliýa, «I» toparçada ýeňiji bolan Koreýa Respublikasy, «J» toparçada ýeňiji bolan Ýaponiýa we «K» toparçanyň ýeňijisi Indoneziýa Özbegistanda ýaryşar.

Iň gowy ikinjileriň hataryna bolsa «H» toparçadan Laos, «J» toparçadan Wýetnam, «B» toparçadan Ýemen we «G» toparçadan Kamboja çykyp bildi.

CAFA-dan ýer eýelerinden ― Özbegistanyň ýygyndysyndan daşary Täjigistanyň we Eýranyň ýygyndylary gatnaşar. Gyrgyz, türkmen we owgan futbolçylary yklym ýaryşynyň jemleýji bölegine çykyp bilmediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň