Soňky habarlar

Arhiw

Kuala-Lumpurda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogy ― 2020-niň bijeleri çekiler

23:0301.12.2019
0
4673

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogynyň 2020-nji ýyl üçin bije çekilişik dabarasy bolar. Bu barada «Istiklol» klubynyň (Täjigistan) resmi saýty habar berýär. Dabara bu yklym ýaryşlaryna gatnaşjak klublaryň ählisinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

9 ― 11-nji dekabr aralygynda Kuala-Lumpurda AFK-nyň üç günlük maslahaty geçiriler. Onda, esasan, yklymdaky iri klublaýyn ýaryşlaryň guramaçylyk meselelerine serediler. Maslahatyň dowamynda 2020-nji ýyldaky ýaryşlar üçin bije çekiler.

Maslahata Türkmenistandan «Altyn asyryň» wekili gatnaşar. Şu möwsümde Türkmenistanyň çempiony bolan topar AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşar. Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boljak wekilimiz bolsa yklym ýaryşyna saýlama tapgyrdan girişer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň