Türkmen halylaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna goşmak teklip edilýär

22:1701.12.2019
0
13915

Türkmenistan milli halylaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna goşmagy teklip edýär. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

Sanawa hödürlenýän maddy däl miraslaryň hatarynda 40-dan gowrak gymmatlyk bar. Bu gymmatlyklary sanawa goşmak meselesine ÝUNESKO 9 ― 14-nji dekabr aralygynda Bogotada (Kolumbiýa) geçiriljek maslahatynda sereder. Her bir gymmatlyga ÝUNESKO-nyň degişli komitetini emele getirýän 24 döwletiň wekilleri sereder.

Hödürlenilýän 41 gymmatlygyň dördüsi GDA agza döwletlere degişlidir. Türkmen halylaryndan başga-da bu sanawa goşmak üçin Özbegistandan Horezm lezgi tanslary, Täjigistandan milli falak aýdymlary, Ermenistandan ermeni ýazuwy teklip edilýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň